Ussatlar unudylmaýar
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen milli aýdym-saz sungatymyz has-da ösdürilýär. Bagşyçylyk sungatynyň ösüp, kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda dürli bäsleşikler, konsertler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ynha şu nukdaýnazardan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň '' Bagşyçylyk sungaty '' bölüminiň mugallymlarynyň bilelikde gurnamagynda ''Ussatlar unudylmaýar'' atly döredijilik söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik boýdan-başa Mäne Garaýewiň ajaýyp ömri, özboluşly döredijiligi, aýdym aýdyş aýratynlyklary hem-de ýetişdiren şägirtleri barada gyzykly gürrüňler bilen geçirildi. Söhbetdeşlige ussat halypa Akmyrat Çaryýew, gyjakçy Aganazar Öwezgeldiýew, ussat zenan bagşy Şemşat Hojaýewa hem-de Gurbangül Hydyrnyýazowa ýaly halypalar gatnaşydylar. Olaryň her birine aýratynlykda söz berlip, öz gezeklerinde Mäne halypa bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny, halypanyň özlerinde goýan täsiri barada gyzykly gürrüňleri hem-de aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler. Olaryň ajaýyp gürrüňleri söhbetdeşlige gatnaşan talyplara ýakymly ýatlama boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda okuwymyzyň bagşy talyplary Jumabaýewa Merjen, Amandurdyýewa Merjen, Annaýew Serdar Mäne halypanyň ürç edip aýdan aýdymlaryndan aýtdylar. Söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözler bilen tamamlandy.
Annagulyýew Yslamguly
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy