Mekdebimiziň skripkaçylar ansambly üstünliklere tarap bat alýar!

     
       Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary Mekan Öwezowyň talyplary Jennet Abduraşidowanyň bilen Gülöwser Merdanowanyň ýekelikdäki konserti hem-de Muhammetdurdy Rahymowyň ýolbaşçylygyndaky skripkaçylar ansambly çykyş etdi. Muhammeturdy Rahymow “Eziz diýarymyzda, ýaşlarymyzyň hünär derejeleriniň ýokarlandyrmak barada aýratyn alada edilýänligini, ýaş mugallymlara we talyp-ýaşlara belent sarpa goýulýandygy duýulýar. Bize işlemäge, döretmäge berilýän mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp mekdebimiziň skripkaçylar ansambly bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde çykyş etmek diýseň täsirli boldy. Özara tejribelerimiz bilen paýlaşmaga, talyplaryň ukyp başarnygyny görkezmäge ýene bir ýola uly mümkinçilik boldy” diýdi. Skripkaçylar ansambly Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebinde hem çykyşlar edip diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. “Türkmen owazy” teleýaýlymynda “Saz bilen söhbet” atly sazly gepleşikde Muhammetdurdy Rahymowyň ýolbaşçylygyndaky bölümimiziň skripkaçylar ansambly üstünlikli çykyşlar etdi. Çykyşlar geljekde täze-täze eserleri döredip, talyplaryň ukyp başarnygyny ösdürmäge uly itergi berýär. Talyp ýaşlar öz hünär taýýarlygyny gowulandyrmaga, mugallymlar öz iş tejribelerini has kämilleşdirmek üçin işlemäge, okamaga, döretmäge berilýän mümkinçilere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet işlerinde üstünlikler arzuw edýäris.


Konsertleri gurnan Maýa Kulyýewa adyndaky 
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň müdiri: 
Rahymow Muhammetdurdy. 

Toýlyýewa Dünýägözel
 Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet 
ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” 
bölüminiň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219